Kataryň paýtagty Doha we Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäheri 2030-njy ýylda 21-nji Aziýa oýunlaryny kabul etmek üçin ýüz tutdylar.
Her ýurduň Milli Olimpiýa komiteti ýüz tutan resminamalaryň hataryna şäheriň we degişli hökümetleriň goldaw bildirýän hatlaryny hem goşdular. 2006-njy ýylyň dekabrynda Doha şäheri 15-nji Aziýa oýunlaryny kabul edipdi, ýöne Saud Arabystanynda şu wagta çenli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň iri sport çäreleri gurnalmandy.
“Aziýa Olimpiýa Geňeşi 2030-njy ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin iki sany güýçli ýurtdan degişli resminamalary kabul etdi. Bu, Aziýadaky Olimpiýa hereketine bolan ynamy görkezýär we dünýä derejesinde sport çärelerini geçirmek üçin abraýymyzy has hem güýçlendirýär. 19-njy Aziýa oýunlary 2022-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde, 20-nji Aziýa oýunlary 2026-njy ýylda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçiriler. 2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 45 milli olimpiýa komitetine 2030-njy ýylda geçiriljek 21-nji Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çagyrypdy. Ýurtlaryň iň soňky ýüz tutmaly möhleti 22-nji aprelde tamamlanýardy. 2030-njy ýylda Aziýa oýunlary üçin bu iki ýüz tutma kabul etmek bilen öňümizdäki 10 ýylda sport hereketimizde durnuklylyk we dowamlylyk bolar. Bu milli olimpiýa komitetlerimize, dolandyryjylarymyza we ilkinji nobatda türgenlerimize gysga, orta we uzak möhletleýin geljek üçin ygtybarly meýilnamalary düzmäge mümkinçilik berer”-diýip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şeýh Ahmad al-Fahad al-Sabah gürrüň berdi.
2030-njy ýylda geçiriljek XXI Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanjak şäher 2020-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Hytaýyň Sanýa şäherinden geçiriljek 6-njy Aziýa kenar oýunlarynyň çäginde guraljak Azianyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynda mälim ediler.
Aziýa oýunlary ilkinji gezek 1951-nji ýylda Nýu-Delide (Hindistan) geçirildi. Emma yklymyň halkara derejesindäki sport wakasy öz gözbaşyny 1913-nji ýylda Manilada (Filippinler) geçirilen ilkinji Uzak Gündogar çempionatyndan alyp gaýdýar.