DÜNÝÄ

Dünýäniň iň ýaş milliarderleri

Norwegiýanyň «Ferd» atly maýa goýum kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýohan H.Andreseniň 1996-njy ýylda doglan gyzy Aleksandra Andresen häzirki wagtda dünýäniň iň ýaş milliarderi hasaplanylýar. Onuň özünden bir ýaş uly dogany bolsa ikinji orundadyr. Milliarder gyzlarynyň her haýsyna 1,4 milliard dollary miras galdyrdy.

Üçünji basgançakda dünýäniň iň gymmat balyklarynyň biri bolan losos balygynyň söwdasy bilen meşgullanýan «SalMar ASA» kompaniýasynyň paýnamalarynyň deň ýaryna eýe bolan Gustaw Magnar Uitzoý bar. 1991-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa 26 ýaşly milliardere kakasy Gustaw Magnardan miras galdy. Uitzoýyň häzirki baýlygy 3 milliard dollara ýetýär diýlip çaklanylýar.

Sanawyň dördünji basgançagyny Ewan Şpigel eýeleýär. Ol «Snapchat» sosial ulgamynyň surat-habar hyzmatlary boýunça direktorydyr. Bu ulgamyň esaslandyryjylarynyň hem biri bolan 28 ýaşly milliarderiň baýlygy 2,2 milliard dollara ýetýär.

Ilkinji bäşligi «Melsungen AG» lukmançylyk enjamlary kompaniýasynyň 28 ýaşly ýolbaşçysy Lýudwig Týodor Brawun jemleýär. 1839-njy ýylda esaslandyrylan kompaniýa 1977-nji ýylda olaryň maşgalasyna geçýär. Şondan bäri hem bu kompaniýa nesilden-nesile miras galyp gelýär. Lýudwigiň häzirki baýlygy 1 milliard dollar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy