BIZNES

«Daýhanbank»:bank kartlarynyň sany 2 milliondan geçdi

Türkmenistanyň bank ulgamynda «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» hyzmatlarynyň üsti bilen amallary ykjam telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Häzir müşderiler bu hyzmatlaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanýarlar. Sanly ulgamy ösdürmekde bu hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan bankomatlaryň, töleg terminallarynyň, şeýle hem «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» we «Menzilara bank» sanly hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1 856,6 million manada ýetdi. Şeýlelikde, bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 874,9 million manat ýa-da 89,1 göterim ýokarlandy. Munuň özi ýetilen sepgidiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,9 esseden hem artandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky boýunça 2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlaryna birikdirilen müşderileriň sany degişlilikde 435,6 müňe we 16,9 müňe ýetdi, bu görkezijiler, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 we 12 göterim artdy. Bu ýagdaý raýatlarymyzyň nagt däl hasaplaşyklar arkaly geçirilýän amallara islegleriniň günsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.

2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky boýunça ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 2 123,5 müňe golaý bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,8 göterim ýokarlandy.

Bank tarapyndan hödürlenýän karzyň beýleki görnüşleri üçin ýüztutmalary bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi web saýtynyň üsti bilen kabul etmek ýola goýlandyr. 2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, «Onlaýn-karz» ýüztutmalary arkaly jemi 5,4 müňden gowrak müşderi hasaba alnyp, berlen karzlaryň möçberi 152 742,6 müň manada deň boldy.

Ýene-de okaň

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär

Amerikaly işewürler Türkmenistanda öndürilen önümlere ýokary baha berdiler