BIZNES

“Daýhanbank”: “Talyp karzy” we “Toý karzy” hyzmatyny hödürleýär

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde, bankyň özüniň we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip, gerimi has-da giňeldilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

  • Bank tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine 4,5 milliard manat, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bölegine we raýatlara 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda, raýatlara şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri berilýär. Ýanwar — oktýabr aýlarynda şu babatda raýatlar üçin 1,1 milliard manat möçberinde karz serişdeleri goýberildi.

TALYP KARZY HYZMATY

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Talyp karzy» ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilikli başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Bu karz ýyllyk 5 göterim bolup, 3 ýyl möhlet bilen 42 müň manada çenli berilýär. «Talyp karzy» hyzmatyndan peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalary we degişli resminamalary bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi web saýty arkaly onlaýn görnüşde hem kabul edilýär.

TOÝ KARZY HYZMATY

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky maşgala toý-dabaralaryny geçirmek üçin «Toý karzy» hyzmatyny-da hödürleýär. Karzyň bu görnüşi ýyllyk 10 göterim bolup, 3 ýyl möhlet bilen 100 müň manada çenli berilýär. Bu hyzmatdan peýdalanýan raýatlar maşgalalarynyň iň bagtly günlerini göwün islegindäki ýaly geçirmäge mümkinçilik alýarlar.

MOBIL BANK HYZMATY

2024-nji ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna görä, bankyň «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 414,8 müňe deň boldy. «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 15,8 müňden geçdi. Şeýlelikde, bu görkezijiler, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 10,7 göterim we 13,5 göterim artdy. Munuň özi bankyň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, oňyn netijeleri gazanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi