JEMGYÝET

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bugdaý oragyna girişildi

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 5-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler.

Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik okuw-maslahatlary geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça ýerden gallaçylar 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.

Galla — 2020-de däne orujy kombaýnlaryň 449-sy, esasan, ABŞ-nyň «John Deere» hem-de Germaniýanyň «CLASS» kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylar. Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 117-si gallaçylara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary hemme zerurlyklar—ýangyç, çalgy-ýag serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyklar bilen üpjün eder. Meýdanlardan ýygnalyp alnan bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 2245-si üpjün eder.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde 50 müň gektar ýer, esasan, Serdar hem-de Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerleri güýzlük bugdaý üçin bölünip berildi. Bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 900-si üpjün eder. Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 26-sy işlär. Däne orujy kombaýnlaryň bolsa 180-si ulanylar.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy