JEMGYÝET

Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin.

1)     Okamak maksady bilen daşary ýurtlara gidýän Türkmenistanyň raýatlary okaýan ýeriniň (ýurdunyň) Türkmenistandaky ilçihanasyndan talyp wizalaryny resmileşdirip, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar boýunça ýurdumyzyň Döwlet serhediniň migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen daşary ýurtlara gidýärler.

2)      “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň biri ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilýärler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak, şeýle hem saglygyny bejertmek we okuw maksatlary bilen we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanylan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

3)      Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde bilim almagy üçin olaryň ýanynda okuw mekdebiniň degişli tassyknamasy ýa-da çakylyknamasy raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça bilim edarasynda hasaba alnandygy barada güwänamasy bolmalydyr.

4)      Daşary ýurduň okuw jaýy tarapyndan berlen çakylykda okuwyň görnüşi (gündizki ýa-da gaýbana, tölegli ýa-da tölegsiz) baradaky maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda, daşary ýurda okuwa barýan Türkmenistanyň raýaty bu maglumatlary öňünden aýdyňlaşdyrmalydyr.

5)      Daşary ýurtlarda bolýan raýatlarymyz özüniň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny örän aýawly saklamalydyrlar. Elektron maglumaty özünde jemleýän pasportlary mikrosistemalaryň we elektromagnit tolkunly enjamlaryň ýanynda goýmak, ýokary temperaturaly we çygly ýerlerde saklamak pasportyň zaýalanmagyna getirip biler.

6) Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary berýär.

7) Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragy we howandarlygy kepillendirilýär.

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi