JEMGYÝET

Dalaşgär Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşdy

Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda Serdar Berdimuhamedowyň zähmet terjimehaly bilen tanyşdyrylyp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri, ýaş başlangyçlar bilen çykyş edýän, giň gerimde pikirlenmäge ukyply hem-de dürli döwlet wezipelerinde işlän ýyllarynda milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa üstünlikli geçirmegiň uly tejribesini toplan jogapkärli ýolbaşçy, şeýle hem ýokary ahlak sypatly we guramaçylyk başarnyklaryna eýe bolan adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.

Dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, ýurduň beýleki sebitleri bilen bir hatarda gadymyýetde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Daşoguz welaýatyna, köpsanly meşhur şahslaryň ýaşap geçen, hasyllylygy we rysgal-berekedi, ekerançylarynyň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan bu sebite uly üns bermegi maksat edinýär.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem welaýatda awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň hem-de olaryň durkuny täzelemegiň möhümdigi barada aýdyp, hususan-da, Aşgabat – Daşoguz, welaýat merkezini Ruhubelent etraby hem-de Köneürgenç şäheri bilen birleşdirýän awtomobil ýollaryna ünsi çekdi.

Dalaşgäriň maksatnamasynda şeýle hem telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine telekeçileri çekmek wezipeleri bar. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün eder. Şeýle-de saýlawçylaryň sargytlaryny nazara almak bilen, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler diýip, dalaşgär belledi.

 

Saýlaw-2022: 3 dalaşgär bellige alyndy

Ýene-de okaň

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer