SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Covid-19: Kliniki synaglaryny Saud Arabystanyda geçirer

Hytaýyň “CanSino” derman kompaniýasy täze koronawirusa (Covid-19) garşy döredilen sanjymynyň kliniki synaglarynyň 3-nji tapgyryny Saud Arabystanynda geçirjekdigini habar berdi.

“Clinical Trials Arena” web sahypasyndaky habara görä, Hytaýyň Harby lukmançylyk akademiýasynyň garamagyndaky Pekin biotehnologiýa instituty bilen bilelikde döreden “Ad5-nCOV” sanjymy 5 müň meýletinçide synag etmek meýilleşdirilýär. Synaglar Er-Riýar, Dammam we Mekge şäherlerinde döredilek synag merkezlerini amala aşyrylar. Bu sanjymyň 1-nji we 2-nji tapgyrlary Hytaý Halk Respublikasynda geçirildi.

Şeýle hem “Sinopharm” atly başga bir hytaýly kompaniýa, geçen aý Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) paýtagty Abu-Dabide Uhan Wirologiýa Instituty we Uhan Biologiýa önümleri Instituty bilen bilelikde işlenip düzülen Covid-19 sanjymynyň üçünji tapgyrynyň kliniki synaglaryny amala aşyrmaga girişipdi.

HYTAÝDAKY SANJYM IŞLERI

Covid-19 koronawirus ýokanjynyň emele gelen ýurdy bolan Hytaýda 8 sanjymyň kliniki synaglary dowam edýär. Bularyň 4-si birinji tapgyrda, 4-si ikinji tapgyrda synagdan geçirilýär.

“CanSino”, “Sinopharm” we “Sinovac” ýaly jemgyýetçilik derman kärhanalary sanjym barlaglaryny Hytaýyň Harby lukmançylyk akademiýasy, Uhan wirus instituty, Pekiniň biologiýa önümleri instituty ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlykda geçirýärler.

27 SANJYM BOÝUNÇA KLINIKI SYNAGLAR GEÇIRILÝÄR

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, 31-nji iýul boýunça tutuş dünýäde Covid-19 ýokanjyna garşy 27 sanjym babatda kliniki synaglar geçirilýär. 139 sanjym görnüşi boýunça bolsa, kliniki synagdan öňki işler amala aşyrylýar.

27 sanjym görnüşiniň 18-sinde kliniki synaglaryň 1-nji tapgyry, 6-synda 2-nji tapgyry, 3-ünde bolsa 3-nji tapgyry geçirilýär.

 

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi