SPORT

Çerçesowyň topary çempion boldy

Russiýaly tälimçi Stanislaw Çerçesowyň tälim berýän “Ferenwaroş” topary Wengriýanyň çempiony boldy. 58 ýaşyndaky rus tälimçisiniň topary ýurduň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda “Uýpeşt” toparyny 2:1 hasabynda utup, çempionatyň tamamlanmagyna 4 duşuşyk galanda çempion boldy.

“Ferenwaroş” topary Wengriýanyň çempionatynda 33-nji gezek çempion bolup, rekordyny täzeledi. Russiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Stanislaw Çerçesow 2021-nji ýylyň 20-njy dekabrynda bu topara tälim berip başlapdy.

Çerçesow üçin tälimçilik karýerasyndaky 3-nji kubogydyr. Ol 2015-2016-njy möwsümde “Legiýa” topary bilen Polşanyň çempiony bolup, kubogyny gazanypdy.

Çerçesow ozal Awstriýanyň “Kufştaýn” we “Wakker-Tirol”, şeýle hem Russiýanyň “Spartak”, “Žemçužina”, “Terek”, “Amkar” we “Dinamo” toparlaryna tälim beripdi.

 

 

Messiniň çempionlyk goly: “PSŽ” – çempion

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi