SPORT

Çempionlar ligasy: “Leipsiz” bilen Iliçiçiň üstünligi

UEFA-nyñ Çempionlar ligasynyñ ilkinji 1/4 finalyna Germaniýanyň “Leýpsig” we Italiýanyň “Atalanta” toparlary ilkinji bolup atlaryny ýazdyrdylar. Düýn “Leýpsig” öz meýdançasynda meşhur tälimçi Joze Mourinýanyñ “Tottenhem” toparyny kabul etdi. Duşuşyk örän çekeleşikli geçdi, sebäbi iki toparam öz bar güýjini sarp etdiler. Duşuşyk 3:0 hasaby bilen tamamlandy, “Leýpsig” futbol topary ýeñiş gazandy. “Leýpsig” toparynyñ düzüminde 10-njy we 21-nji minutlarynda M.Sabitzer gol geçirmegi başardy. Forsberg oýunyñ 87-nji minutynda “Tottenhem” toparyna gol salyp, ynamly ýeñişi öz toparyna getirdi.

Ispaniýanyň “Walensiýa” topary öz meýdançasynda “Atalanta” toparyny kabul etdi. Birinji oýnuñ artykmaçlygyna seretmän, ilkinji minutdan başlap, “Walensiýa” topary hüjüm etmäge başlady, duşuşygyň ýiti pursatlara kän boldy. Oýnuñ 3-nji minutynda “Atalantanyñ” oýunçysy Iliçiç hasaby açmagy başardy. K.Gameiro 21-nji minutda tapawutlandy we hasaby deñledi. 43-nji minutda ýene-de Iliçiç gol geçirmegi başlady. Gameiro 51-nji minutda ýene-de hasaby deñledi, hat-da “Walensiýa” topary 67-nji minutda F.Torres-yñ goly bilen öñe geçmegi başardy. 71 we 82-nji minutlarda ýene Iliçiç tapawutlanyp öz adyna pokery ýazdyrmagy başardy. Bu bolsa “Atalanta” toparynyñ has taýýarlykly gelenini subut etdi.

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri