Hormatly okyjylar! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýtynda guraýan söhbetdeşlikleriniň bu gezekki myhmany Türkmenistanyň halk artisti Çary BERDIÝEW.
- Çary aga, söhbetdeşlik etmek teklibimizi kabul edendigiňiz üçin Size uly minnetdarlyk bildirýäris. Söhbetdeşligimizi teatryň Siziň durmuşyňyzdaky orny barada berjek gürrüňleriňizden başlaýsak.
- Biz artist. Artistlik biziň professional kärimiz. Meniňem höwes, arzuw edip ýeten kärim artistlik. Artist bolsaň birnäçe rollar oýnalýar, kinolara düşülýär. Şol sebäpli sen şonuň bilen, bu ugurdaky keşpler, arzuw edýän keşpleriň bilen ýaşaýarsyň. Tomaşaçynyň gözi hemişe seniň üstüňde bolýar. Sen spektakla çykanyňda öz üstüňde näçe köp işleseň, saňa ynanylan keşbi näçe gowy edip ýerine ýetirip bilseň, tomaşaçynyň saňa bolan söýgüsi artýar. Şonuň üçin keşbiňi iň soňky gezek oýnaýşyň ýaly oýnamaly. Artistlikde iň esasy düşünmeli zat – režissýoryň senden näme talap edýänini bilmek, duýmak. Sen režissýoryň işine nähili gowy düşünseň – teatrda edilýän talabyň ýerine düşdügi şol. Eger sen keşbiňe ýüzleý çemeleşseň, tomaşaçy ony derrew duýýar we teatrdan tizräk gidesi gelip başlaýar. Artistlikde birinji ädim berlen pýesany eliňe alan pursadyňdan başlanýar. Artist edil çapyljak at ýaly. Sen hemişe taýýarda bolmaly.
- Artist teatrda ýa-da kinoda özüne laýyk keşp saýlamalymy ýa-da saýlanan keşbe laýyk bolmalymy?
- Munda režissýor seni eýýäm saýlap çagyrýar. Emma seniňem haýsam bolsa bir keşbi ýerine ýetiresiň gelýär. Elbetde, seniň saňa ynanylan keşpden ýüregiň dolmaýan, saňa laýyk gelmeýän ýerleri bolýar. Bu, elbetde, durmuşda bolup biläýjek ýagdaý. Artist režissýoryň görkezmeleri esasynda taplanýar. Artist edil çigit ýaly. Ony açyp, içindäki maňzy almaklyk režissýoryň işi.
- Sungata söýgi nämeden başlanýar?
- Elbetde, biz hem çagalykdan halypa artistleriň ýerine ýetirýän keşplerine tomaşa edip, olara höwes ederdik. “Aşyr aganyň hötjetligi”, “Uzakdaky gelinlik”, “Aýgytly ädim”, “Şükür bagşy”, “Allan aganyň maşgalasy” ýaly kinolar meniň durmuşymda üýtgeşik duýgulary döredýärdi. Sen şol kinolarda görkezilýän keşplere öýküneniňi duýman hem galýarsyň. Wagtyň geçmegi bilen şu zatlaryň sende taplanýanyny ilkinji nobatda, ene-ataň, synpdaşlaryň, soňra özüň hem duýýan ekeniň. Biziň ýaş wagtymyz degişmeler, henekler, ýomaklar köp bolardy. Onsoň sende sungata bolan söýgiň köki şol zatlar bilen başlanýan eken. Şeýlelikde, biz çaga wagty Mämi Çaryýew, Öwezgeldi Tekäýew dagy aýdym aýdýardylar. Onsoň bizem şolara öýkünen bolardyk.
- Durmuşda eden armanlaryňyz boldumy?
- Adam diýleni armansyz bolmaýar. Ol hemişe käşgäler bilen ýaşaýar. Men Aşgabada gelen ýylym (ol wagtlar Mollanepes adyndaky teatrda studiýa bardy) artist bolmak höwesi bilen gelipdim. Emma şol studiýa girip bilmedim. Onsoň 1971-nji ýylda men tehnikuma okuwa girdim. Ol ýerde maňa teatrda ýöremegi öwreden Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdyllaýewdi. Ol bize hem aktýoryň ussatlygyndan sapak berýärdi, hem teatrda bize halypalyk ederdi. Baýram aganyň aýdýan öwgüli sözleri maňa uly goltgy berýärdi. Men şeýdip onuň elinde taplanyp ugradym. Soň men goşun gullugyna gitmeli boldum. Men gullukda-da bu işimi goýmadym. Gullukda wagtymam dürli keşpleri oýnap, dürli aýdymlary aýdýardym. Gullugy tamamlap gelen günüm Moskwa okuwa girmek üçin geçirilýän giriş synaglarynyň bolýandygyny eşitdim. Synaga girmezimden ozal öýe gitmek üçin wokzala bardym. Wokzalda maňa halypam Baýram Seýdyllaýew duşdy. Ol maňa synaglara girmegimi aýtdy. Şeýdip men ertesi güni geçirilýän synaglara girdim. Şeýlelikde, men öýe hem harby gullugy tamamlap, hem talyp hökmünde bardym. Ejem başda meni Russiýa okuwa goýbermejek boldy. Emma kakam arkamda durup, meniň Moskwa gitmegime kömek etdi.
- “Adam durmuşda hemişe arzuw bilen ýaşaýar” diýilýär. Siz durmuşda eden arzuwlaryňyza ýetdiňizmi?
- Hudaýa şükür.
- Durmuşda bagtlymysyňyz?
- Hudaýa müňlerçe şükürler bolsun. Men bagtly.
- Siz bagty nämede görýärsiňiz?
- Bagt öz käriňe bolan söýgüde.
- Durmuşda söýmek süýjümi ýa-da söýülmek?
- Elbetde, seni söýseler saňa ýaraman hem duranok. Seniň döreden keşpleriň adamlara ýarasa, seni tanasalar, elbetde, maňa hem juda hoş ýakýar. Men hem olaryň söýgüsine laýyk ynsan bolmaga çalyşýaryn.
- Siziň ýüregiňize üçin has ýakyny teatrmy ýa-da kino?
- Sebäbi olaryň ikisi biri-birini dolduryp durýar. Käbir aktýorlar bolýar, olar teatrda gowy keşp janlandyrsalar-da, kino gezek galanda ony başarmaýarlar. Käbir artistler bar, kinoda gowy çykyş etse-de, teatrda ony başarmaýarlar. Kinonyň köki hem teatrda. Sen teatrda artist bolsaň, boýdan başa sen saňa ynanylan keşbi göwnemakul alyp çykjak bolmaly. Teatrda hiç wagt gowşak bolmaly däl, iňkis etmeli däl. Sen sahna çykanyňdan tomaşaçyny keşbiň arkaly ele almagy başarmaly. Başgaça aýdanymyzda, oýnumyzy çynaberimsiz etmeli. Teatrda iň kyn zat hem şu.
- Häzirki döwrüň sahna eserlerinden göwnüňiz suw içýärmi?
- Her döwrüň özüniň isleg-arzuwy, ýörelgesi bolýar. Elbetde, şondan yza hem galmaly däl, öňe hem düşmeli däl. Döwürdeş spektakllary oýnamak iň agyry. Sebäbi durmuşda bolup geçýän wakalary hemme kişi bilýär. Şonuň üçin sen ony has üýtgeşik edip ýerine ýetirjek bolmaly.
- Ynam we söýgi hersi aýratyn bir ýol bolsa, Siz haýsyndan giderdiňiz?
- Ynam bilen söýgi ikisi bir zat diýen ýaly. Durmuşda söýgüniň dürli görnüşi bar. Adam söýende onuň gözi baglanýar. Ynamly söýgi çaga, ene-ata, zenana bolan söýgi bolýar. Ynam söýgä siňse, söýgi hem ynama siňse, durmuşda şondan gowusy ýok.
- Teatr durmuşda Size nämäni öwretdi?
- Hemme zady. Sebäbi teatrdaky keşpler seniň ykbalyňa täsir edýär. Artist şol keşplerden netije çykarsa, şolaryň üsti bilen özüni terbiýeläp bilse, durmuşda iň uly zat şu.
- Käriňizde bir işi başlajak bolanyňyzda ýüregiňizi diňleýäňizmi ýa-da beýniňizi?
- Men-ä şolaryň ikisini hem diňleýän. Durmuşda adamyň hemişe dokuzy düzüw bolmaýar. Durmuşda duş gelýän päsgelçilikleri ýeňip geçmekde ikisini birlikde diňlemek ýardam edýär.
- Siz teatryň geljegine nähili ynam baglaýarsyňyz? Teatryň geljegi hakda Siziň garaýşyňyz nähili?
- Ýokarda aýdyşym ýaly, her döwrüň öz ýörelgesi bolýar. Tüweleme, geljekki nesillerimiziň içinden hem örän zehinli ýaşlar kemala gelýär. Biz hem şolara öz maslahatlarymyzy, kömeklerimizi ýakyndan berýäris. Olara bildirýän ynamlarymyz örän uly. Nesip bolsa, şolar teatrlaryň geljekki ýyldyzlary. Şol ýyldyzlaryň has parlamaklaryny, teatrlarymyzyň mundan-da has beýik derejelere ýetmegini arzuw edýän.
- Çary aga, elbetde, siziňem isleg-arzuwlaryňyz bardyr. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Siziň isleg-arzuwlaryňyzy okyjylarymyza ýetiräýsek…
- Hudaýa şükür, ajaýyp zamanamyz bar, berkarar döwletimiz bar. Bular Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bize beren peşgeşi. Munuň üçin olara köp sag bolsunlar aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Size hem hormatlap söhbetdeşlige çagyranyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Işleriňizde üstünlikler ýar bolsun!
- Çary aga, ýagşy arzuw-niýetleriňiz üçin hem-de ýörite wagt sarp edip söhbetdeşlik etmäge gelendigiňiz üçin Size uly minnetdarlyk bildirýäris. Goý, isleg-arzuwlaryňyz amala aşsyn! Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.