Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň bu tapgyryny welaýatyň Medeniýet müdirligi gurady. Oňa bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan bagşy-sazandalaryň jemi 20-si gatnaşdy.
Bäsleşige tomaşa etmäge ýygnanan köp sanly ildeşlerimiz milli saz gurallaryny, dutar ýasamak senetçiligine degişli esbaplary we beýleki milli gymmatlyklary öz içine alýan sergini uly gyzyklanma bilen synladylar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bagşylar türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmekde özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezdiler.
Türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmäge, giňden wagyz etmäge, halypa-şägirtlik däplerini pugtalandyrmaga, şeýle-de täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen özboluşly bäsleşigiň dowamynda emin agzalary tarapyndan bagşylaryň we sazandalaryň arasyndan ýeňijiler kesgitlendi.
Şeýlelikde, bagşylaryň arasyndan Gökdepe etrabyndan Bäşim Ýolamanow, Sarahs etrabyndan Öwezgeldi Amanow, sazandalaryň arasyndan Tejen etrabyndan Serdar Sähedow, Gökdepe etrabyndan Döwlet Daňatarow ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
13 ýylda: Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden köp tebigy gaz iberildi