MEDENIÝET

«Çalsana, bagşy!» bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan dabara welaýatyň etrap-şäherlerinde deslapky gözden geçirilişde öňe saýlanan bagşylaryň 10-sy, sazandalaryň hem şonçasy gatnaşdy.

Bagşy-sazandalar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmekde zehin-başarnyklaryny ýaýyp, halypa-şägirtlik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýändiklerini aýan etdiler.

Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan bagşylar — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ikinji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew, welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow (Türkmenistanyň halk artisti N.Gulowyň at dakylany), sazandalar — welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Hangeldiýew, Türkmenbaşy şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Rejepgeldi Aşyrow «Çalsana, bagşy!» telebäsleşiginiň ýurt derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy