BILIM

Çagalaryň arasynda halkara surat bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilýän halkara döredijilik bäsleşikleriniň üstüne ýene biri goşuldy. «Türkmenistan» gazetinde şu gün ― 25-nji ýanwarda  çap edilen bildirişde Türk­me­nis­ta­nyň­ Me­de­ni­ýet ­mi­nistr­li­giniň­ «Bag­ty­ýar­ ça­ga­lyk» ­at­ly­­ hal­ka­ra ­su­rat­ bäs­le­şi­gi­ni­ yg­lan­ edýändigi barada aýdyldy.

Bäsleşige 7 — 16 ýaş aralygynda çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan, çeperçilik gurnaklaryna gatnaýan we umumy bilim berýän mekdeplerde okaýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalary we ýetginjekleri gatnaşdyrylýar.

Bäsleşik grafika we nakgaşçylyk (akwarel, guaş) ugurlary boýunça geçiriler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan», «Men parahatçylygy söýýärin», «Türkmenistan — arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy», «Meniň ülkämiň gözel ýerleri», «Men Türkmenistan barada surat çekýärin», «Bagtyýar çagalyk» atly temalar boýunça ýerine ýetirilmelidir.

Bäsleşigiň jemi 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda jemlener we Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sergilener.

Bäsleşige hödürlenilýän işler 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda kabul edilýär.

Bäsleşik baradaky doly maglumatlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň www.medeniyet.gov.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.

Ha­bar­laş­mak­ üçin ­te­le­fon­lar:­­

Aş­ga­bat­ şä­he­ri,­­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Döw­let ­çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy. Tel.: 92-56-41,­ faks:­92-12-01.­­

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi. Tel.: 44-00-41.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy