SIZDEN GELENLER

Buýsançdan asmana ýeter başlary

Sözbaşymyzy «Arkadagyň kitaplaryny okalyň» diýen setirler bilen dowam etdiresiň gelip dur. Çünki ýurt Baştutanymyzyň jöwher zehininden, döwet galamyndan syzylyp çykan kitaplaryň her biri biziň buýsançly başymyzy Göge ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň gönüden-göni döwletlilik ýörelgesine bagyşlanmagy bolsa döwletli döwranyň eýesi bolan halkymyzyň dünýäsinde, aň-düşünjesinde arkama-arka dowam edip gelýän milli ýörelgelerimiz baradaky täze garaýyşlary oýardy.

Alym Arkadagymyzyň şeýle ajap kitaplary ýygy-ýygydan halkymyza peşgeş bermegi ösüşlere beslenýän ýurdumyzda kitaba goýulýan hormaty nyşanydyr. Çünki kitap — ol geçilen menzilleriň, durmuş wakalarynyňdyr tejribeleriň, ylmy garaýyşlaryň netijesi. Ýazyjy bulary ýüreginiň üsti bilen, sünnäläp, ak kagyza geçirýär. Şeýlelikde, ak kagyzyň ýüzünde durmuş hakykaty peýda bolýar. Hut şeýledigi üçin biz, dilden aýdylýan sözlere garanda, «Kitapda şeýle ýazylypdyr!» diýip, kitaba — durmuş hakykatyna has köp ynanýarys. Ol hatda  çagalarymyzda hem şeýle. Munuň özi-de kitabyň ähmiýetini açyp görkezýär.

Döwletlilik hakynda aýdanymyzda, halkymyzyň bu belent düşünjä üýtgeşik  garaýşy bar. Haýsydyr bir döwletli kişi bize ujypsyzja bir zat, mysal üçin, elýaglyk berse-de, «Bu maňa döwletli adamyň beren zady. Döwletliden döwlet ýokar» diýip, ýagşy yrym edýäris. Hormatly Prezidentimiziň ýapýan Şa serpaýlary babatynda hem şeýle pikiri aýtmak bolar. Çünki  ol serpaý döwletliligiň nyşany bolup, iň bir haýyrly işlere badalga bolar.

Bu ajaýyp eser durşy bilen görüm-göreldeden, öwüt-nesihatdan doly hazyna mysaly. Onuň her bir bölüminde durmuşyňa nur çaýýan, ömrüňi ýagşylyga ýazdyrmaga iterýän güýç bar. Kitabyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» bölüminiň üstünde aýratyn durup geçesim gelýär. Bu ýerde türkmen gyzlarynyň we ýigitleriniň watansöýüjiliginden söz açylýar. Onda beýan edilişine görä, Oguz döwründe bir adamyň juda owadan hem edenli, eli çeper gyzy bolup, oňa Oguz ýurdunyň ençe ýigitleri, şol sanda begzadalaram söz aýdyp, öýlenmekçi bolýarlar. Ýöne gyz olaryň hiç birine-de gabak galdyrmaýar. Haçanda ýanyna al ganyny seçeläp, bir ýaraly ýigit gelip: «Meniň hünärim Watanymy goramakdyr. Watan üçin janymy bererin» diýende, gyz: «Watany goraýan gerçege janym gurban bolsun» diýip, şol ýigide durmuşa çykmaga razy bolýar. Görşümiz ýaly, ol baýlykdan, beglikden ýüz öwürip, Watan gymmatlygyny, mertebesini ýokarda goýup, jany-teni bilen Watanyny söýýän ýigidi saýlap aldy. Bu häsiýetler ähli türkmen ýaşlary üçin nusgalykdyr.

Mundan başga-da, şu bölümde Watanyň topragyny mukaddesligi hakynda hem gymmatly pikirler ýöredilip, Watandan uzak bir ýere gidilende Watanyň çümmük topragynynyň hem güýç berýändigi aýdylyp, şeýle bir tymsal getirilýär. Onda beýan edilişine görä, söweşleriň birinde bir Serkerde ýaralanýar. Oňa näçe em etselerem, ol hiç bäri bakybermeýär. Onsoň ol Watanynyň topragyndan getirmegi haýyş edýär. Şonda oňa Wasyň topragyndan bir gysym, Amyderýanyň suwundan bir jürdek getirip berýärler welin, onuň keýpi çaglanyp gutulyp gidiberýär. Şeýle beýan etmeler we tymsallar nesilleriň ýüreginde watansöýüjiligi oýarýar.

«Ynsaplylyk» bölümi kitapda iň uly bölümleriň biri. Ondaky rowaýatyň üsti bilen beýan edilýän alma dişlän oglanyň keşbi nusga alarlyk. Ol almany bilmän dişländigi üçin onuň eýesinden ötünç soramaga gelýär. Bu rowaýatyň yzy hem bar. Ýöne onuň ýeke dişlem alma üçin ötünç soramaga gelmeginiň aňyrsynda ynsaplylyk diýlip atlandyrylýan belent gymmatlyk ýatyr. Diňe ynsaply adam şeýle hereketleri, ädimleri edip bilýär. Sähelçe hereketi üçin özüni, ýüregini aklap bilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň eseriniň «Myhmansöýerlik» atly bölüminde myhman garşy alnanda duz-çöregiň hödür edilmeginiň iň gadymy däpleriň biridigi aýdylýar. Sebäbi gapydan gelen myhman Taňry myhmany hasaplanyp, ol arzyly ýagdaýda garşylanýar. Ol bolsa gaty howlukmaç hem bolsa, duz datman gitmeýär.

Bölümde myhmançylyk däbine girýän «myhmanpaýy» hakynda hem ýörite durlup geçilip, «… Her bir türkmen zenany öýünde tagam taýýarlanda, ýagşy yrym üçin myhmanyň paýyny hem unutmaýar. Myhman gelmese, ol paý goňşa dadyrylýar…» diýlip, şeýle bir rowaýat mysal getirilýär. Ony gysgaça görnüşde beýan etsek, çoýundan ýasalan uly gazan «kiçijik» diýip, kiçi gazanyň üstünden gülýär. Olam: «Sen diňe toý-märekede gerek bolýarsyň, men bolsa her gün gereklenýän» diýýär. Bu sözleri getirmek bilen, mähriban Arkadagymyz şu ýerde: «Görýäňizmi munuň manysyny! Türkmençilikde «Öýünde gazan gaýnamaýan öýden öý bolmaz» diýilýär» diýip, ýagşy arzuwlary edýär. «…Myhman «toý» diýip gapyňyzy açsyn!» diýýär. Goý, şeýle bolsun! Gahryman Arkadagly ýurdumyzda elmydama toý bolup, myhmanlaryň orny törde bolsun!

Bir danadan iň gymmatly zadyň nämedigini soranlarynda ol onuň kitapdygyny aýdyp,  «Maňa baýlyk-hazyna bermek hökman däl, ol sowrular gider. Gül bermegem hökman däl, olam solar gider. Oňa derek kitap sowgat beriň! Ol tekjämde ömürlik galar, baky ýadygär bolar» diýipdir diýýärler. Ýüregiňe jüňk bolýan sözler! Çünki kitap — bakylyga degişli hasaplanýan gymmatlyk. Muňa müňýyllyklaryň dowamynda ýazylan kitaplaryň şu güne çenli saklanyp, giňden peýdalanylýandygy hem doly güwä geçýär. Ol gymmatlygyň üsti bilen adamlar mähriban Arkadagymyzyň «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda aýdyşy ýaly, paýhas ummanyny gulaçlap, aklyň gämisinde ýüzüp, şeýle hem, ýüreklerini poslatman ýaşapdyrlar.

Hawa, şahyr aýtmyşlaýyn:

Kitap diýmek — uly dünýä diýmekdir,

Akyla, pikire uýmak diýmekdir.

Pederlerden galmyş ne ajap paýhas,

Ony ýürek bilen duýmak diýmekdir.

Arkadagym, ýazýar ajap eserler,

Kitap diýmek — öz ýurduňy söýmekdir,

Kitap diýmek — öz iliňi söýmekdir.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyny okanyňda hormatly Prezidentimiziň mähriban halkymyza we dowamat dowam bolup gelýän milli gymmatlyklarymyza ägirt uly söýgüdir sarpasyny kalbyň çuňluklarynda duýmak bolýar. Bu günki günde ol gymmatlyklarymyz döwre görä täze many-mazmuna eýe bolup, ýüreklere berk ornaşýar. Çünki olara döwrüň keşbi siňýär, döwre laýyk garaýyşlar peýda bolýar. Ol gymmatlyklary, rowaýatdyr aýtgylary döwür bilen baglanyşdyryp ýüregimize ýetirmekde, täsir etmekde, özgertmekde kitabyň ähmiýeti söz bilen beýan ederden iňňän  ýokary. Milli Liderimiziň döwet galamynyň gaýtalanmajak eseri bolan gymmatly kitap şu günki we geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlyk, haýyrly işlere, belent maksatlara barýan ýolda ýagty saçýan şamçyrag bolar.

 

Ahmet GELDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

A.Gönibek köçesi, 1-nji geçelge 11-nji jaý.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Ýürekden çykýan owazlar : Begenç Hojaýew

Bary-ýogy üç harpdan ybarat bolan «saz» diýen ajaýyp sözde, ählimiziň köňlümizi awlap, dünýämize joşgun eçilýän ýaz ýaly ýakym bar. Zehinli kompozitorlar döredýän şirin owazly sazlary bilen ýürekleri nepis duýgulara besleýär. Şeýle zehinleriň biri hem, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň konsertmeýsteri, kompozitor Begenç Hojaýew. Onuň döredýän sazlaryny diňläniňde, millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygy, aýdym-saz sungatymyzyň ägirtleriniň ajaýyp eserleriniň döredijiligine täsiri mese-mälim duýulýar.

Biz hem döwrebap öwüşginli eserleri döredýän ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň belent ykrary

Geçmişden geljegiň hakydasy

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk