MEDENIÝET

Buhara şäheri festiwala taýýarlanýar

Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda 21-25-nji maý aralygynda geçiriljek “Halkara altyn nagyş we zergärçilik festiwaly” we “Milli keşdeçilik sungaty festiwalyna” taýýarlyk görülýär. Festiwalda 50-den köp ýurtdan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Myhmanlar şu günden başlap Buhara gelip başlarlar. Myhmanlar Buharadaky we Daşkentdäki myhmanhanalarda ýerleşdiriler. Olara iňlis, arap, pars, ispan, türk we rus dilini bilýän meýletinçiler hemralyk ederler.

Festiwala Özbegistanyň özünden 97 sany zergär we 10 sany zergärçilik kärhanasy, 35 sany keşdeçilik sungatynyň hünärmenleri we beýleki el işlerine ökde 90 sany hünärmen gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Festiwala gatnaşýan myhmanlar üçin 10-dan artyk sowgatlyk önümleri ýörite taýýarlanylypdyr. Olaryň arasynda “Altyn nagyş sungatynyň taryhy” atly kitap hem bar.

Festiwalyň geçiriljek ýer “Ark” galasynyň öňündäki meýdan we seýilgäh, şeýle hem şol seýilgähden “Minorai Kalon” minarasyna çenli aralyk bolar.

 

Ýaponiýa Kabuldaky ilçihanasyny gaýtadan açmakçy

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty