Ýer ýüzünde gyrymsy agaçlaryň birnäçe görnüşleri duş gelýär. Olaryň biri hem, özüniň tagamly miwesi, jana şypa beriji ýapraklary we kökleri bilen köplere özüni tanadan böwürslen agajydyr. Bu gyrymsy agaçlara esasan, dag gerişlerinden akyp gaýdýan suw çeşmejikleriniň ýakalarynda duş gelmek bolýar.
Böwürsleniň miwesi adam saglygyny dikeltmekde we ony gorap saklamakda örän ähmiýetlidir. Süýji keselinden ejir çekýän adamlara böwürsleniň miwesini iýmeklik has-da peýdaly bolar. Onuň düzümindäki bioflawonoidler antioksidant hökmünde täsir edip, gan damarjyklaryň diwarlaryny berkidýär we С witamininiň täsirini güýçlendirýär. Öý hojalyklarynda böwürsleniň miwesinden örän tagamly mürepbe taýýarlanylýar.
Böwürsleniň miwesi bilen birlikde onuň ýapragyndan taýýarlanylýan melhemlik çaýlar hem örän peýdalydyr. Bu melhemlik çaýy böwürsleniň guran ýapraklaryny owradyp, 2 çaý çemçesini 1 bulgur suwa demleýärler we demlenen çaýy 20 minut demini aldyrmak üçin basyryp goýýarlar.
20 minut wagt geçenden soň demini alan çaýy hasadan süzüp, ony günüň dowamynda üçe bölüp içmeklik amatly bolar.
Guradylan böwürslen ýapraklarynyň 2 nahar çemçesini 2 bulgur suwa demleýärler we 3 sagatlap goýýarlar. Bu usulda taýýarlanylanda melhemlik çaý iç geçmelerde, azyk önümleri bilen zäherlenmelerde, aşgazan we onki barmak içegäniň ýaralarynda kabul etmeklik özüniň gowy netijesini berer.
Böwürsleniň miwesi we guradylan ýapragy bilen birlikde onuň köki hem peýdalydyr. Damagyň sowuklamagynda böwürsleniň kökünden taýýarlanylýan içgini ulanmaklyk özüniň gowy netijesini berer.
Içgini taýýarlamak üçin guradylyp owradylan köküň 20 gramyny 1 bulgur suwda 20 minutlap gaýnatmaly we 20 minut demini alar ýaly basyryp goýmaly. Taýýar bolan melhemlik içgini süzmeli. Eger-de gaýnamagyň netijesinde suwy azalan bolsa, onuň üstüne gaýnag suw guýmaly. Şeýle usulda taýýarlanylan içgi bilen bokurdagy wagtal-wagtal çaýkap durmaly.
Peşew ýollarynda döreýän näsazlyklarda, dem alyş ulgamynyň sowuklamalarynda we gan akmalarynda böwürsleniň ýapragyndan we kökünden taýýarlanylýan içgileri kabul etmeklik özüniň gowy netijesini berer.
Babalakow Merdan,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby