TEHNOLOGIÝA

“Boston Dynamics” firmasyny satyn alar

Robot tehnologiýalaryna maýa goýum goýmagy meýilleşdirýän “Hyundai” kompaniýasy “Boston Dynamics” firmasyny satyn almakçy. Kompaniýa bu firmany Ýaponiýanyň “Softbank” kompaniýasyndan 1 milliard dollara satyn alar.

Emeli aň hem-de robot tehnologiýalar babatda iş alyp barýan “Boston Dynamics” firmasy 4 ýyl mundan ozal “Softbank” kompaniýasyna satylypdy.

“Hyundai Motor Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesine täze saýlanan Çung Euisun bu firmany satyn almagy meýilleşdirýändigini belledi.

“Boston Dynamics” firmasy “Spot” atly robot iti taýýarlamak bilen meşhurlyk gazandy. 2015-nji ýylda taýýarlanan robot it ylgap bilýän, merdiwanlardan çykyp bilýän hem-de gapylary açyp bilýän 4 aýakly robotdyr. “Hyundai” kompaniýays hem zawodlarynda robotlaryň hyzmatlaryndan peýdalanmagy meýilleşdirýär.

ABŞ-nyň “Boston Dynamics” robot tehnologiýalaryny öndürýän firmasy ilkibaşda 2014-nji ýylda “Google” kompaniýasy tarapyndan satyn alnypdy.

“Hyundai Motor Group” kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli robot tehnologiýalary üçin 1,4 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär. https://mostbet-games.net/ch/

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar