DÜNÝÄ

BMG-niň Ženewadaky wekilhanasyndan gelen hoş habar

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk eden daşary syýasy üstünlik gazanyldy.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin güwänama berildi.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak bag nahallary ekildi. Ýurdumyzy bagy bossanlyga büremek işleri häzirki zaman tehnologiýalary işjeň çekmek arkaky dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan berlen güwänama türkmen halkynyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetine berilýän ýokary bahanyň hakyky tassyknamasydyr.

 

Gadyr gijesi mynasybetli günä geçişlik

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi