Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar.
Taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen UNFPA-nyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe ugurda netijeli özara hereketler barada bellediler. Gender deňligi, reproduktiw saglygy we maşgalany meýilleşdirmek babatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk nygtaldy.
Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy, şol sanda, ýaşlar syýasaty ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
