SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk hyzmatdaşlygyň ygtybarly ýoly

Hormatly Prezidentimizıň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýanyň netijesinde Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda barha täsirli orna eýe bolýar, abraýy dünýäde has-da berkeýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga giň mümkinçilikler açýar.

Bitaraplyga tarap saýlanan ugur, ähmiýeti boýunça Türkmenistanyň kabul eden strategiki çözgüdi bolup durmak bilen, şol bir wagtyň özünde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde, sebitde agzybirligi üpjün etmek, dünýäde halkara howpsuzlygy we parahatçylygy pugtalandyrmak babatda öz üstüne uly jogapkärçiligi almaklygy aňladýar.

1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde geçen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynda Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan belent maksatlarynyň hatyrasyna hereket edýän ähli döwletler bilen päk ýürekden açyk hyzmatdaşlyk etjekdigi we daşary syýasatda beýleki döwletleriň içerki işine gatyşman, oňyn hemişelik Bitaraplyk ýoluny özüniň ýörelgeleri hökmünde saýlap alýandygy ilkinji gezek yglan etdi.

Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplygynyň halkara hukuk nukdaýnazaryndan ykrar edilmeginde 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üçünji duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Yslamabat Jarnamasy sebit we halkara derejesinde bahasyna ýetip bolmajak ygtybarly daýanç bolup hyzmat edýär.

1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Goşulyşmazlyk hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Kartahena şäherinde II Konferensiýasy geçdi we onuň Jemleýji resminamasynda bu guramanyň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ugruny alyp barmagy biragyzdan goldanyldy.

Şeýlelikde, yzygiderli we maksadaokgunly alnyp barlan syýasy-diplomatik işleriň netijesinde, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen, bu gurama şol wagtky agza ýurtlarynyň biragyzdan goldamagy netijesinde, Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy ykrar edildi.

Şunlukda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda bu abraýly halkara guramasy tarapyndan şu günki güne çenli resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwlet bolup durýar.

Milli Liderimiz BMG tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki syýasy ornuna ýokary baha berilýändigini, döwletimiziň bu halkara guramasynyň adaty däl-de, eýsem onuň maksatlaryny durmuşa geçirmekde agramly hem möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän abraýly agzasydyny nygtaýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly ikinji Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminamada ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara gatnaşyklarynda toplan oňyn tejribesiniň ähmiýeti hakynda aýratyn bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy berlen ýeke-täk döwletdigini bellemek wajypdyr.

Geçen döwürde türkmen bitaraplygynyň sebit, şeýle-de dünýä üçin ähmiýetini wagt görkezdi. Soňky ýyllarda dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklar örän ýokary derejelere çykdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny ýokary derejede bellemek maksady bilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köp sanly maslahatlary, forumlary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle halkara möhüm çäreleriň başlangyjy hökmünde 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen  “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahaty görkezmek bolar.

Umuman, döwletimiziň halkara giňişligindäki işjeň orny, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge yzygiderli gatnaşmagy abadançylygyň we gülläp ösüşiň, sebit we dünýä döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy wezipelerine laýyk gelýär.

Laçyn HOJAÝEWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika