DÜNÝÄ

Bitaraplyk baýramçylygy üçin günä geçişlik

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň günäsini geçmek babatda taýýarlanan resminama ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz asylly däbimize eýerip, iş kesilen 2078 raýatymyzyň hem-de 4 sany daşary ýurt raýatynyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Welaýat, etrap we beýleki ýolbaşçylara bolsa, günäsini geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyran milli Liderimiz günäsi geçilen adamlaryň bolsa zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi