BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri awtobenzin satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen granulirlenen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bu önüm Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň hem esasyny düzdi.

Şeýle-de daşary ýurt pulunda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 2 million 363 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 80 million 270 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi gutlady

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi