BIZNES

Birža täzelikleri: gonkongyň işewürleri nebit önümlerini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, arassalanmadyk parafini, suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Türkiýäniň, Owganystanyň hem-de Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen piroliz benzinini we piroliz galyndysyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň26 million 722 müňdollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 11 million 605 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 25 million manatdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplama plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/category/habarlar/dunya-tk-2/

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler