JEMGYÝET

Bil Geýts gamburga nobata dursa…

Ýalňyşmadyňyz. Şu habaryň suratynda görýäniňiz, «Forbesiň» sanawynda 1995-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli iň baý milliarderleriň hatarynda birinji orny hiç kime bermän gelen Bil Geýts. Ýagny «Maýkrosoftuň» esaslandyryjy, ençeme ýyllyk ýolbaşçysy. ABŞ-ly Maýk Galos atly bir raýatyň düşüren suratynda dünýäniň iň baý milliarderi adaty adamlar ýaly, öz nobatyna kaýyl bolup, gamburg almaga garaşýar. Ol «Feýsbugda» paýlaşan bu suratynyň ýanyna şeýle ýazdy: «100 milliard dollarlyk gymmatyň bar, dünýä taryhynyň iň baý kompaniýasyny dolandyrýarsyň, şeýle elýetmez halyňa-da gamburg we bir bulgur kola almak üçin nobata durup bilýärsiň…». Suratyň we onuň ýazgysynyň teswirleri hakynda, özüňiz pikir edip görüberiň!

22 ýyllap «Forbesiň» sanawynyň çür depesinde oturan milliarder geçen ýyl öz ornuny «Amazonyň» eýesi Jeff Bezosa berdi. 2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Bil Geýtsiň şahsy serişdesi 95,4 milliard dollara ýetýär. Bu suratda bolsa islendik wagtda her birimiz ýaly, gamburga nobata durup biljek derejede kiçigöwünligini görkezen milliarder dünýäniň iň baý haýyr-sahawat gaznalarynyň hem biriniň esaslandyryjysy. 2000-nji ýylda aýaly bilen esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri 2013-nji ýylda 35 milliard dollara çenli ýetipdi.  2014-nji ýylyň fewralynda «Maýkrosoftyň» ýolbaşçylygyndan çekilen Bil Geýts indi kompaniýanyň ýolbaşçysy Satýa Nadellanyň maslahatçysy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi

Batyr Mämmedow Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy