SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýa koronawirus çäklendirmeleriniň hemmesini ýatyrýar

Beýik Britaniýa koronawirus bilen baglanyşykly ähli çäklendirmeleri ýatyrdy. Ýurtda iň soňky çäklendirmeler hem aradan aýryldy. Şeýlelikde, şu günden başlap, ýurtda koronawirus bilen kesellänler izolasiýa ýagdaýyna geçmegine zerurlyk ýok.

London şäherinde mundan beýläk jemgyýetçilik ulaglarynda hem agyz-burun örtügini dakynmak zerur däl. Bir aýdan ýurduň hökümeti koronawirus bilen baglanyşykly maslahatlary düýbünden täzelemegi meýilleşdirýär.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson immunitetiň ýokary derejesi we pes ölüm derejesi galan ähli çäklendirmeleri ýatyrmaga mümkinçilik berdi. Indi koronawirus adaty dümew hökmünde kabul ediler.

Häzirki wagtda Islandiýa hem çäklendirmeleri ýatyrmagy meýilleşdirýär. Ertir ýurtda galan çäklendirmeler ýatyrylýar. Islandiýanyň Premýer-ministri Katrin Ýokobsdouttir koronawirusyň henizem ýurtda bardygyny, ýöne “munuň bilen ýaşap bilersiňiz” diýdi. Şeýle-de bolsa, koronawirusyň täze, has howply görnüşi ýüze çykyp, agdyklyk etse, çäklendirmeleriň yzyna gaýdyp boljakdygyny aýtdy.

Italiýa jahankeşdelere gapylaryny açýar

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy