Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Spor Toto Super ligada çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biri «Beşiktaş» şol bir wagtyň özünde täze möwsüm üçin transfer gepleşiklerini hem geçirýär. Italiýa metbugaty «Beşiktaşyň» bir döwürde «Galatasaraýyň» hem köýnekçesini geýen goragçy Koraý Günter bilen gyzyklanýandygyny habar berdi.
Has takygy, bu habar «Calciomercato« atly Internet saýtynda paýlaşyldy. Onda aýdylyşyna görä, häzir Super liganyň birinji basgançagyndaky «Beşiktaş» 26 ýaşly goragçyny düzümine goşmaga döwtalap. Habarda tejribeli goragçy üçin türk klubynyň «Werona» 4 milion ýewro tölemeli boljakdygy hem ýazylýar.
2014-nji ýylda Dortmund şäheriniň «Borussiýanyň» düzüminden «Galatasaraýa» goşulan Koraý Günter sary-gyrmyzy köýnekçäni dört ýyllap geýdi. Ondan soňra ol Italiýanyň «Ženoa» toparyna geçdi. Geçen tomusda «Werona» ony transfer etmek üçin «Ženoa» 2million ýewro töledi.
Dowam edýän möwsümde 27 duşuşykda derwezesine 32 pökgi geçirdne «Werona» «Serie A»-da iň az pökgi geçirden bäşinji topardyr. Toparyň bu üstünliginde Koraý Günter ýaly tejribeli, ederini bilýän goragçylaryň paýy uly. Germaniýada doglan türk futbolçynyň «Werona» bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.