BIZNES

Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm başlangyçlary durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze ösüş tapgyryna gadam basdy.

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S. W. Çepurnoý bilen duşuşyk geçirildi.

      Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we maýa goýumlary çekmek strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm çäreleriň biridir. Taraplar özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça anyk teklipleri öňe sürdiler.

       Belarus Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginler bilen ösýändigini belläp, belarusly işewürleriň türkmen bazary bilen has içgin hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Hususan-da Belarus tarapy oba hojalygy, awtomobil senagaty, azyk senagaty we beýleki önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär