DÜNÝÄ

Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy boldy

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisi geçirilýär. Şonuň çäklerinde Belarus Respublikasy bu guramanyň doly hukukly agzalygyna saýlandy.

Astanada geçirilýän sammit Belarusyň bu gurama agzalyga kabul edilmegine degişli resminamalaryň gol çekilmegi bilen başlandy. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sammitiň açylyşynda eden çykyşynda bilelikdäki tagallalary bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny  dünýäniň iň abraýly halkara guramalaryň birine öwrendiklerini aýtdy.

Tokaýew şu günki sammitde guramanyň agzalarynyň sanynyň artdyrylmagy babatda möhüm çözgüdiň kabul edilendigini belläp, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksadr Lukaşenkony gutlady.

Gazak Lideri Belarusyň gurama agza bolmak üçin zerur bolan ähli işlerini ýerine ýetirendigini belläp, sammite degişli çözgüde gol çekmek bilen başlamagy teklip etdi.

Şeýlelikde, degişli resminamanyň gol çekilmegi bilen Belarus guramanyň 10-njy agzasy boldy.

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna ilki bilen, Gazagystan, Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan agza boldy. Soňra olaryň hataryna Eýran, Hindistan we Pakistan goşuldy.

Belarus 2010-njy ýyldan bäri bu guramanyň hyzmatdaş ýurdy bolup, 2015-nji ýylda guramadaky derejesini synçy derejesine çykardy. 2022-nji ýylda Belarusyň bu gurama agza bolmagy üçin degişli işlere girişildi we şol döwürde Belarus guramanyň 40-dan gowrak şertnamasyna goşuldy.

Häzirki wagtda Owganystan we Mongoliýa guramanyň synçy döwletleri, 14 döwlet – Azerbaýjan, Ermenistan, Bahreýn, Müsür, Kamboja, Katar, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma, Nepal, BAE, Saud Arabystany, Türkiýe we Şri-Lanka guramanyň hyzmatdaş döwletleridir.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri