DÜNÝÄ

Bedewiň çeper waspy: bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün — 23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Onuň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Dabaranyň dowamynda eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi. Şunlukda:

  • haly eserini döretmek boýunça Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy», «Şagadam» atly haly eserleriniň toplumy bilen;
  • zergärçilik eseri boýunça Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Möwlamberdi Annaýew «At şaý-sep toplumy» atly eseri bilen;
  • surat eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Batyr Soltanow «Türkmen bedewi» atly nakgaşçylyk eseri bilen;
  • heýkel eseri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nury Sary adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Patdyk Patdykow «Galkynyş» topary: Akhan, Kanun, Ruhubelent» atly heýkel toplumy bilen;
  • neşir önümi boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hoşgeldi Garajaýew «Kanunyň portreti» atly fotoişi bilen; 
  •  teleoperatorçylyk işi boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň teleoperator bölüminiň teleoperatory Baýmuhammet Gylyjow «Gözel bedewler» atly wideoşekili bilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardylar.Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

MelebaÅŸ – ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

Ýene-de okaň

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen geçiren duşuşyklary

Türkmenistanyň ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri