BIZNES

Buýan köküniň 3 müň 327 tonnasy eksport edildi

Türkmen topragynyň müň derde derman ösümlikleriniň biri-de buýandyr. Şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Toplumyň agzybir işgärleriniň ýylyň başyndan bäri taýýarlan buýan köki 1 müň 146, buýan ekstrakty bolsa 549 tonna ýetdi. Şeýlelikde, buýan köküni taýýarlamakda 3 million manada golaý, ekstrakt önümçiliginde umumy bahasy 6 million manada deň bolan iş ýerine ýetirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Türkmen topragynda biten buýan köküniň hyrydary hem kän. Toplumdan berlen maglumata görä, ýylyň geçen döwründe buýan köküniň 3 müň 327 tonnasy, ekstraktyň bolsa 613 tonnasy eksport edilipdir.

Jeýhunyň goşa kenarynda buýan köküni ýygnamak işi ýörite toparlarda alnyp barylýar. Iş möwsümi her ýylyň mart aýynyň başyndan noýabryň ahyryna çenli dowam edýär. Bu işe 300-e golaý adam gatnaşýar. Kök ýygnaýjylar birbada iki işi, ýagny buýan köküni taýýarlamak we ekiş işlerini bilelikde alyp barýarlar.

Çünki buýan köküniň ýerasty bölegi köpýyllyk, üstki bölegi bolsa bir ýyllykdyr. Hut şol sebäpli-de, kök ýygnaýjylar buýan köküniň senagatda ulanylmaýan, ýöne pyntyk ýaryp, täzeden ösüp ýetişmäge ukyply bolan, «garabaş» diýlip atlandyrylýan bölegini kesip, täzeden ekip gidýärler. Olar bolsa bäş ýyldan hasyla durýar. Şeýlelikde, derýanyň kenary bilen döwlet gaçysynyň arasyndaky oba hojalyk ekinleriniň ekilmeýän jeňňelliginden sürlen şüdügärden her bir işçi aýda ortaça 20 — 30 tonna golaý buýan köküni ýygnaýar. Munuň özi olaryň gaýratyndan we janypkeşliginden habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi