Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministerler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 6 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellnilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow has jogapkärli wezipe geçýändigi üçin wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we jemgyýetçilik guramalaryna jogapkär orunbasary wezipesine Baýramgül Orazdurdyýewa bellendi.
Baýramgül Orazdurdyýewa bilim ministri wezipesinden boşadyldy.
Hukuk ugrundan ýokary bilimi bolan Baýramgül Orazdurdyýewa zähmet ýoluny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym bolup başlady. Soňlugy bilen, ol ýurduň bilim ministriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine bellendi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinde işlän Baýramgül Orazdurdyýewa bilim ministri wezipesine bellenipdi.
