SPORT

“Bawariýa” we “PSŽ” çärýek finala çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Şonuň netijesinde, Italiýanyň “Lasio” toparyny 3:0 hasabynda utan Germaniýanyň “Bawariýa” topary hem-de Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparyny 2:1 hasabynda ýeňen Fransiýanyň “PSŽ” topary çärýek finala çykdy.

Germaniýanyň “Bawariýa” topary 1/8 finalyň birinji oýnunda Italiýanyň “Lasio” toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlipdi. Ýöne jogap duşuşygynda nemes topary 36-njy we 66-njy minutlarda Garry Keýniň hem-de 45+2-nji minutda Tomas Mülleriň geçiren gollary bilen 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Fransiýanyň “PSŽ” topary bolsa, birinji duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňen Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparyny jogap duşuşygynda 2:1 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy. Fransuz toparynyň düzüminde çykyş edýän ýyldyz futbolçy Kilian Mbappe 2 gol geçirip, toparynyň üstünlik gazanmagyna goşant goşdy.

Şu gün:

“Real Madrid” (İspaniýa) – “Leipzig” (Germaniýa) (1-0)

“Mançester Siti” (Angliýa) – “Kopengagen” (Daniýa) (3-1)

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy