“Real Madrid” toparynyň her bir futbolçysy Ispaniýanyň Superkubogynda “Barselona” toparyndan üstün çykandygy üçin 150 müň ýewro pul baýragy alar.
Sport neşirleriniň habaryna görä, Madrid toparynyň ýolbaşçysy Florentino Peres futbolçylary we tälimçileri sylaglamak üçin 4 million ýewro pul serişdelerini berjkdigini mälim etdi.
Bilşiňiz ýaly, “Real” topary Ispaniýanyň Superkubogynda “Barselona” toparyny 4:1 hasabynda utdy.
“Real Madrid” topary Ispaniýanyň Superkubogynda ýarym finalda “Atletiko” toparyny goşmaça wagtlar bilen 5:3 hasabynda ýeňipdi.
Madrid toparynyň ýolbaşçysy Florentino Peres iň köp kubok gazanan ýolbaşçy boldy. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe “Real Madrid” topary 33-nji kubogyny gazandy. Mundan ozal, Santýago Bernabeu döwründe topar 32 kubok gazanypdy.
