DÜNÝÄ

Barbados respublika bolýar

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 2021-nji ýyldan başlap, Barbadosyň ýolbaşçysy bolup bilmeýär. Bu ada resmi taýdan respublika bolar. Bu barada Barbadosyň general-gubernatory Sandra Meýson ýerli parlamentiň güýzki mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

– Kolonial geçmişimizi doly terk etmegiň wagty geldi. Barbadosyň ýaşaýjylaryna öz döwlet Baştutany gerek. Barbados özüniň doly özygtyýarlylyga tarap logiki ädim äder we garaşsyzlygynyň 55 ýyllygynda respublika bolar – diýip, Sanrda Meýson belledi.

Karip deňziniň gündogaryndaky Barbados 1966-njy ýylda garaşsyzlygyny aldy. Ol Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Arkalaşygyň düzümindäki garaşsyz döwlet. Ýurduň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Şa zenanydyr, oňa wekilçilik edýän general-gubernator bardyr. Adada 287 müň adam ýaşaýar.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi