BIZNES

Bankyň döwrebap binasy açyldy

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatynyň Magdanly şäher şahamçasynyň iki gatdan ybarat döwrebap binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bankyň täze binasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň giňden ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän baýramy bilen sazlaşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir.

Köýtendagyň ajaýyp gözellikleri bilen utgaşyp, şäheriň binagärlik gurluşyna görk berýän, ýaşaýjylaryň şatlygyna öwrülen bu binany Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular. Müşderiler üçin ähli amatlyklar döredilen, iň kämil tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bankyň täze binasynda 4 bölüm – karz pul, hasaplaşyk, kassa amallary we hojalyk bölümleri hereket eder.

Bankyň täze döwrebap binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda bank ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalanýandygynyň, ilata hyzmat edmek nokatlarynyň yzygiderli giňeldilýändiginiň, halkymyza bank hyzmatlarynyň häzirkizaman ülňülerine laýyk getirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, ýaşuly nesliň wekilleriniň, bank ulgamynyň işgärleriniň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabarany ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

 

Türkmen küştçüsine grossmeýster derejesi berildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary