BIZNES

“Balşeker” haryt nyşanly konditer önümleri Täjigistana eksport ediler

“Tibet Türkmen” hojalyk jemgyýeti Arkadag şäherinde geçirilen halkara maýa goýum forumyna gatnaşyp, “Balşeker” haryt nyşanly konditer önümlerini eksport etmek boýunça Täjigistanyň işewürleri bilen şertnama baglaşdy. Aşgabat şäherinde ýerleşýän hojalyk jemgyýeti tarapyndan süýjülikleriň we konditer önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy dört bölümden ybarat bolup, olarda işler sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ýerine ýetirilýär. Konditer bölüminde köke önümleriniň, şeýle-de zefiriň, marmeladyň we beýleki süýjülikleriň birnäçe görnüşi öndürilýär. Nogul-nabat süýji bölüminde öndürilýän horaz, älemgoşar şekilli süýjüleriniň dürli görnüşleri körpeleriň söýgüsini gazandy. Gaplama bölüminde bolsa, köke we tort önümlerini taýýarlamakda ulanylýan gabartma külkesiniň, şekerli wanilin, kakao, şeker külkeleriniň, ýaýylan gaýmak külkesiniň dürli görnüşleri gaplanylýar. Bulardan başga-da, hojalyk jemgyýeti berhizlik önümleriň önümçiligini ýola goýdy. Önümler “Balşeker” haryt nyşany bilen gaplanylýar we ýurduň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenilýär.

“Balşeker” haryt nyşanly ýeňiljek çörek bölejikleri, berhizlik bambuk şekilli taýajyklar saglyk üçin juda peýdaly bolup, aşgazan-içege ýollaryny arassalamaga, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Kompaniýanyň berhizlik önümleri 100 we 150 gram ölçegdäki göze gelüwli kagyz gutulara gaplanýar. Doly derejede arassa we ýerli çig mallardan taýýarlanylýan berhizlik önümleri içerki bazarda elýeterli bahadan hödürlenilýär. Aýda 1600 tonna önüm öndürýän hojalyk jemgyýeti geljekde hem önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer