Dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde 30-njy iýunda geçirilen halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde “Balam” haryt nyşanly hususy önümçilik kärhanasy bilen Özbegistanyň “Suprems Sweets” hem-de Täjigistanyň “Ramzi Somon LTD” kompaniýalarynyň arasynda şertnama gol çekildi. Bu şertnama esasynda “Balam” hususy önümçilik kärhanasynyň konditer önümlerini degişli ýurtlara eksport etmek göz öňünde tutulýar.
Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Türkmen telekeçileri, şol sanda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Balam” tarapyndan öndürilýän süýji-köke önümleri ýokary hilliligi, aýratyn tagamlylygy, hoşboý ysy bilen diňe bir içerki bazarda däl, eýsem-de bolsa, daşarky bazarda-da uly islege eýe bolýar.
Şeýlelikde, ýokarda agzalan şertnama laýyklykda, ýakyn wagtda bu hususy kärhananyň konditer önümleri tapgyrlaýyn esasda Özbegistan we Täjigistan döwletlerine eksport ediler. Şeýle hem bu önümleriň ozal Özbegistan Respublikasyna ugradylandygyny we hyrydarlygynyň barha artýandygyny bellemek gerek.
