SPORT

Aziýanyň Kubogy-2023: Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň senesi

Aziýanyň Kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynyň geçiş tertibi mälim boldy. Bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş eder. Milli ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlarynyň Bahreýniň, Malaýziýanyň hem-de Bangladeşiň ýygyndy toparlarydygyny ýatladýarys. Bu toparçadaky duşuşyklaryň hemmesi hem merkezleşdirilen görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Bu barada “tff.com.tm” internet neşirinde habar berilýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy ýer eýeleri Malaýziýanyň ýygyndy topary bolar. Bu duşuşyk şu ýylyň 8-nji iýunynda geçiriler. 11-nji iýunda Bangladeşiň milli ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykjak ýygyndy toparymyzyň üçünji garşydaşy Bahreýniň ýygyndysy bolar (14-nji iýun).

Saýlama tapgyrynyň jemi boýunça Aziýa Kubogy-2023-iň final tapgyryna ýygyndylaryň 11-si gatnaşmaga (her toparçanyň ýeňijisi hem-de ikinji orny eýelän milli ýygyndylaryň bäşisi) mümkinçilik alarlar.

Aziýanyň Kubogy-2023. Saýlama tapgyr.  “E” toparça.

1-nji tapgyr
8-nji iýun (çarşenbe)
Türkmenistan – Malaýziýa
Bahreýn – Bangladeş

2-nji tapgyr
11-nji iýun (şenbe)
Malaýziýa – Bahreýn
Bangladeş – Türkmenistan

3-nji tapgyr
14-nji iýun (sişenbe)
Malaýziýa – Bangladeş
Bahreýn – Türkmenistan

 

“Liwerpul” – Angliýa ligasynyň kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri