DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň täze bellenen ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara görnüşinde bolşy ýaly, halkara düzümleriň, ilki bilen, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtmak bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini bellediler, şeýle hem bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini nygtadylar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika toplumy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri, ulag we logistika ulgamyndaky özara gatnaşyklar bellenildi.

Şeýle hem iki döwletiň bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri