DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ilçisi: doganlyk gatnaşyklary ösdürmek üçin tagalla ederin

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşuryp, resmi taýdan wezipesine girişdi.

Täze ilçi wezipe girişmegi mynasybetli beren beýanatynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly şertlerde ýaşaýan dogan halklaryň erk-isleginiň netijesinde taryhy taýdan ösendigini belledi. Ol hususan-da, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryň geçen döwürde çalt depginde ösendigini we häzirki wagtda strategiki hyzmatdaşlygyň häsiýetine eýe bolan gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä ýetendigi mälim etdi.

Ilçiniň bellemegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň maksadokgunly syýasatynyň netijesinde, iki ýurt strategik hyzmatdaş boldy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.

Azerbaýjanyň ilçisi soňky döwürde iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň, halkara derejesindäki çärelerdäki duşuşyklaryň işjeň ýagdaýa eýe bolandygyny, munuň hem strategik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine goşant goşýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellän Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow 2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 5 esse artandygyny belledi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow ilçi hökmünde alyp barýan işlerimde iki doganlyk ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek hem-de berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigini mälim etdi.

 

 

 

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri