BIZNES

Azerbaýjanyň Demirýollary edarasy Türkmenistanda bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýar

“Azerbaýjan demirýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Azerbaýjanyň wekiliýeti Aşgabada saparynyň çäklerinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.
Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky demirýol ulaglary ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa-Ýewropa we Hytaý-Ýewropa ugurlary boýunça multimodal ýük gatnamalaryň möçberini artdyrmak babatda pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşyklarda ýük gatnawlaryny möçberini artdyrmak, Merkezi Aziýa-Ýewropa-Merkezi Aziýa we Hytaý-Ýewropa-Hytaý ugurlary boýunça ýük gatnamalary ýerine ýetirmegiň mümkinçilikleri barada jikme-jik durlup geçildi. Hyzmatdaşlygyň möhüm mümkinçilikleri we bu mümkinçilikleri Ýewropa bazarynda hödürlemegiň ähmiýeti bellendi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň wekiliýeti saparynyň barşynda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda gepleşikler geçirip, “Azerbaýjan demirýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Orta geçelgäni mümkinçiliklerini giňletmek ugrunda alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär