SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Azerbaýjanda ýapyk binalarda örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

1-nji maýdan başlap, Azerbaýjanda ýapyk binalarda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni ýatyryldy. Bu düzgün 2 ýyldan gowrak wagt dowam edipdi. Bu barada “Mir24” neşirinde habar berilýär.

Kinoteatrlarda, restoranlarda we dükanlarda mundna beýläk örtük dakynmak zerur däl. Ýurduň Ministrler Kabinetiniň bu çözgüdi jemgyýetçilik ulaglarynda hem degişlidir.

Ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň sany azalýar. Ýöne ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi kabir ýerlerde örtük dakynmagy maslahat berýär. Olar: howa menzilleri, mekdepler we ýokary okuw mekdepleridir.

Kowid-pasport düzgüni dowam edýär, ony söwda merkezleriniň girişinde görkezmek zerurdyr.

Ýurtda käbir çäklendirmeler gowşadylan hem bolsa, ýörite karantin düzgüni 1-nji iýula çenli dowam edýär.

 

“Trabzonspor” – 38 ýyldan soňra çempion boldy

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy