BIZNES

Azerbaýjan, Hytaý we Gazagystan Baku portunda ýük terminalyny gurar

Şu günler Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisi geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň köp sanly ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşar.

Bu sammitiň çäklerinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirilip, şol duşuşykda Baku portunda ýük terminalyny gurmak babatda bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça degişli ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga Bakunyň halkara deňiz portunyň baş direktory Taleh Ziýadow, Gazagystanyň demirýollary edarasynyň ýolbaşçysy Nurlan Sauranbaýew hem-de Hytaýyň Sian erkin söwda port gurluşyk we dolandyryş kompaniýasynyň baş direktory Ýuan Sýaoszýun gol çekdi.

Taslamanyň çäklerinde Alýat geňeşliginiň çägindäki Baku portunda 40 gektar meýdanda intermodal ýük terminalynyň infrastrukturasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy