BIZNES

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Azerbaýjan Gyrgyzystan bilen energetika hyzmatdaşlygy baradaky resminamalara, şol sanda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi.

Azerbaýjanyň Energetika ministrliginde energetika ministri Parwiz Şahbazow “COP29” maslahatynyň çäginde Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijesinde nebit-gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, şeýle hem  “Azerbaýjan Respublikasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygy barada 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasy” gol çekildi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky “Ýaşyl energiýa gaznasy” döwlet guramasy bilen Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň Alternatiw we dikeldilýän energiýa çeşmeleri döwlet gullugy arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder