SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aýa we Marsa syýahat haçan başlaýar?

“NASA” edarasy we “SpaceX” kompaniýasy geljekde ilki Aýa, soňra bolsa Mars planetasyna syýahat etmegi meýilleşdirýärler. Hatda Mars planetasynda bols a ilatly ýer gurmagy meýilleşdirýärler. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän Ilon Maskyň “SpaceX” kosmos kompaniýasy, Mars planetasyna haçan adam iberiljekdiginiň möhletini yglan etdi.

Germaniýanyň Berlin şäherine geçirilen “Axel Springer” baýrak gowşurylyş dabarasyna onlaýn tertipde gatnaşan Musk bu barada şeýle diýýär: “Belki ilkinji adam Mars planetasyna 6 ýyldan soň gidip biler. Eger-de hemme zat ugruna bolsa, onda ugradyljak adamlar 4 ýyldan hem gidip bilerler” diýip, belläp geçdi.

“SpaceX” kosmos kompaniýasynyň ýüklerini we adamlaryny ilki bilen Aý orbitasyna, soňra bolsa Mars planetasyna daşamak üçin “Starship” kosmos gämisi ulanylar. “Starship” kosmos gämisi doly gurlup, synaglardan geçenden soňra 100 adama çenli we agyr ýüklerini ilki Ýer orbitasyna, soňra Aýa we Mars planetasyna eltip biljek kosmos ulagyna öwrüler.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy