JEMGYÝET

«Awaza»: öňünden myhmanhanalardan ýa-da kottejlerden ýer bellemek mümkinçiligi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini geçirmek isleýän raýatlar öňünden onlaýn tertipde özleriniň dynç aljak myhmanhanalaryndan ýa-da kottejlerinden ýer belläp (bronlap) bilerler. Munuň üçin olar awaza.gov.tm web saýtyndan işjeň peýdalanyp bilerler.

Raýatlar web saýtyna girip, oňa öz telefon belgilerini, ýa-da elektron poçtalarynyň adresini girizip, web saýtyň baş sahypasynda dynç aljak myhmanhanasyny ýa-da kottejini saýlap, oňa dynç aljak senesini we adam sanyny, şeýle-de özüne gerekli otag bilen bagly maglumatlary girizmeli.

Maglumatlary bellänlerinden soňra, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljak raýatlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web saýtyna girip, onuň bellenilen bölümleriniň üsti bilen soralýan maglumatlary girizip, özlerine elektron rugsatnama almalydyrlar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Migrasiýa gullugynyň edaralaryna baryp ýüztutmazdan wagtyňyzy tygşytlamak maksady bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýänler üçin onlaýn hyzmat hödürleýär. Internet arkaly ýurdumyzyň islendik künjeginden ýüztutmak şeýle hem ýagdaýyny yzarlamaga mümkinçilik berýän bu online hyzmatdan peýdalanmak üçin ilki Şahsy otagy  hasaba almalydyr.

 

 

Birža täzelikleri: BAE-li telekeçiler suwuklandyrylan gaz satyn aldy

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy