DÜNÝÄ

Atçylyk ulgamynda türkmen-saud hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi M.Ayazow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbiliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda A.Almukbil Merkeziň alyp barýan işi we bu Merkez tarapyndan geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ilçi M.Aýazow duşuşygyň barşynda ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky meselelere uly üns berilýändigi barada mälim etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty bu merkez bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky meseleleriň ýollary barada pikir alyşdy.

Ilçi M.Aýazow Merkeziň muzeýi, arap atlaryny hasaba alyş bölüminiň işi, şeýle-de bejeriş-anyklaýyş bölüminiň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Ýene-de okaň

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi