SIZDEN GELENLER

Asudalygyň we buýsanjyň baýramy

Ata Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň uly baýram edilip bir günde bellenilmegi ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Her ýylyň 18-nji maýynda ählihalk baýramçylygy bolan Döwlet baýdagynyň güni Esasy Kanunymyzyň döredilen güni bilen utgaşykly bellenilip geçilýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.

Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy we ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň we jemgyýetiň ýeten derejelerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, Esasy Kanuna iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler ornaşdyryldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllyk senesine taýýarlyk görülýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýar. Bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini artdyrýar. Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri milli guwanjymyza hem buýsanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda dabaralanýar. Şanly seneler biziň gazanýan ösüşlerimizi, üstünliklerimizi dünýä buşlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda günsaýyn özgerýän, ösýän Diýarymyz bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan beýik işler barha rowaçlanýar, adamlaryň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulandyrylyp, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan düýpli we giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam mümkinçiliklerini doly açmaga hem-de peýdalanmaga gönüden-göni ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, sanlylaşdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebitleriň innowasiýa esasynda senagatlaşdyrylmagyna, telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi, ösen ulag we maglumat-kommunikasiýa düzümleriniň kemala getirilmegi bilen bir hatarda, ylym we bilim ulgamyna uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär, bu ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary durmuş häsiýetli bolup, döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, milletimiziň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär.

Ýurdumyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň köp ýurtlarynda buýsançly parlamagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde bitaraplyk, parahatçylyk söýüji we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly döwlet hökmünde tanalýar.

Aýsoltan Meredowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Beýik Ýeňşiň şanly baýramy

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz