JEMGYÝET

Astanada “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Astana şäherine bardy.

Astanada boljak sammitde syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine serediler. Şeýle hem döwlet Baştutanlary häzirki sebit we halkara gün tertibi barada pikir alşarlar.

Sammitiň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalaryň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Sammitiň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Bu formatdaky ilkinji sammitiň hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilendigini bellemelidiris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar